“Arkadagyň ýörelgesi – nusgalyk görelde” atly ylmy işleriň bäsleşiginiň uniwersitet tapgyrynyň ýeňijileri kesgitlenildi

  • Home -
  • News -
  • “Arkadagyň ýörelgesi – nusgalyk görelde” atly ylmy işleriň bäsleşiginiň uniwersitet tapgyrynyň ýeňijileri kesgitlenildi
slider

“Arkadagyň ýörelgesi – nusgalyk görelde” atly ylmy işleriň bäsleşiginiň uniwersitet tapgyrynyň ýeňijileri kesgitlenildi

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabryndan 20-nji noýabry aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Arkadagyň ýörelgesi – nusgalyk görelde” atly ylmy işleriň bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi.

Bu bäsleşik Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýär. Degişlilikde, bäsleşige gatnaşyjylaryň çykyşlary diňlenilip, olara eminler topary, fakultetleriň dekanlarynyň ylmy işler boýunça orunbasarlary, degişli hünärmenler tarapyndan seljerme berildi.

Hödürlenen ylmy işleriň içinden Düzgünnama laýyklykda, eminler topary tarapyndan bäsleşigiň uniwersitet tapgyrynyň ýeňijileri hökmünde I, II, III orunlara mynasyp bolan talyplar saýlanylyp alyndy. Şoňa laýyklykda, Halkara maliýe hünäriniň 4-nji ýyl talyby Begli Berdimyradow “Gazna biržasynyň ýurdumyzyň telekeçiligini we kärhanalaryň ösüş depginlerini artdyrmakdaky möhüm ähmiýeti” atly işi bilen 1-nji orny eýeledi.

Uniwersitetimiziň Bilimi dolandyrmak ugry boýunça magistranty Şemşat Annageldiýewa “Türkmen milli demokratiýasynyň kämilleşmeginde Adalatçynyň orny” atly işi bilen 2-nji, Halkara maliýe hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ýakup Nurmuhammedow “Blokçeyn tehnologiýalarynyň sanly ykdysadyýetdäki orny” atly işi bilen 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Şeýlelikde, Halkara maliýe hünäriniň 4-nji ýyl talyby Begli Berdimyradow “Gazna biržasynyň ýurdumyzyň telekeçiligini we kärhanalaryň ösüş depginlerini artdyrmakdaky möhüm ähmiýeti” atly işi bilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.