Undergraduate

slider slider
  • Admissions
  • Undergraduate

Resminama tabşyrmak


Undergraduate

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Hukuk işi (taýýarlygyň ugurlary: halkara jemagat hukugy; halkara
hususy hukugy).
2. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (taýýarlygyň ugry: halkara
gatnaşyklary we dünýä syýasaty).
3. Sosiologiýa we sosial iş (taýýarlygyň ugry: sosiologiýa).
4. Filosofiýa we etika (taýýarlygyň ugry: filosofiýa).
5. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana
işi (taýýarlygyň ugry: žurnalistika).
6. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: halkara
ykdysadyýeti; halkara menejment; halkara maliýe; ätiýaçlandyryş işi;
halkara täjirçiligi).
7. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary:
kompýuter tehnologiýasy; kompýuter ulgamynyň programma
üpjünçiligi; maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy).
Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamagyň
maksatnamasy boýunça bir ýyl dil öwreniş bölüminde taýýarlygyny
geçeninden soňra, iňlis dilinde alnyp barlar. Iňlis dilinde erkin gepleýän
dalaşgärleriň dil öwreniş bölüminde okuw taýýarlygyny geçmezden,
bakalawrlygyň 1-nji okuw ýylyna başlamaga mümkinçiligi bardyr.
Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli,
ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça
bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde
2020-nji ýylyň 6 - 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl
nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan
peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler
boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça
halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň
agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl
nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen
resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna
aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby
şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş
şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden
güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan
peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy
jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat
şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 22-23-i, 24-i we 25-i günleri
Ahal welaýaty — iýul aýynyň 24-i, 25-i we 26-sy günleri
Mary welaýaty — iýul aýynyň 25-i, 26-sy we 27-si günleri
Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 26-sy, 27-si we 28-i günleri
Lebap welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri
Balkan welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 29-y we 30-y günleri.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
filosofiýa; sosiologiýa; halkara jemagat hukugy; halkara hususy
hukugy; halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty
taýýarlygyň
ugurlary — iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
žurnalistika taýýarlygyň ugry — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty,
Türkmenistanyň taryhy;
halkara ykdysadyýeti; halkara menejment; halkara maliýe;
ätiýaçlandyryş işi; halkara täjirçiligi; kompýuter tehnologiýasy;
kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat we
kommunikasiýa tehnologiýasy
taýýarlygyň ugurlary — iňlis dili,
matematika, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň
okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Degişli dil öwredýän derslerden başga, ähli dersler boýunça giriş
synaglary döwlet ýa-da iňlis dilinde dilden geçirilýär. Iňlis dilinde erkin
gepleýän dalaşgärler giriş synaglaryny üstünlikli tabşyranlaryndan soňra
dil öwreniş bölüminde okuw taýýarlygyny geçmezden bakalawrlygyň
1-nji okuw ýylyna başlamak üçin iňlis dilinden barlag testini
tabşyrýarlar.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz
sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip
bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan
talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda
görkezilenler peýdalanýarlar:
— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçe, 169,
tel.: 39-85-62, 39-85-25.