Magistratura

slider slider
  • Giriş barada
  • Magistratura

Magistratura

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETI

2023/2024-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

I. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugry: bilimi dolandyrmak).

II. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: işewürlik­dolandyryş).

Okuwlar iňlis dilinde geçirilýär.

Okuwlar tölegli esasda amala aşyrylýar.

Uniwersitete ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nus gadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň tassyklanan göçürmeleri ýa-da asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— magistr maksatnamasy boýunça okuwa girmegiň maksadynyň beýany «Statement of Purpose» (beýan iňlis dilinde ýazylmaly we 500 sözden köp bolmaly däl).

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Söhbetdeşlik we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 16-17-si günlerinde geçirilýär.

Söhbetdeşlik saýlanan ugur boýunça iňlis dilinde geçiriler. Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Söhbetdeşligiň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— magistr maksatnamasy boýunça okuwa girmegiň maksadynyň beýanyndan ýokary baha alanlar;

— saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar.

 

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., 1958­nji (Andalyp) köçe, 169, tel.: 39­85­62, 39­85­25.

 

 

МЕЖДУНАРОДНЫЙ УНИВЕРСИТЕТ ГУМАНИТАРНЫХ НАУК И РАЗВИТИЯ

объявляет приём в число студентов на 2023/2024 учебный год по программе магистра по следующим направлениям подготовки:

1. Образование и педагогические науки (направление подготовки: управление образованием).

2. Экономика и управление (направление подготовки: бизнес-администрирование).

Обучение проводится на английском языке.

Обучение осуществляется на платной основе.

В университет принимаются граждане Туркменистана, имеющие образование не ниже высшего, по результатам вступительного собеседования на конкурсной основе.

Приём документов осуществляется в велаятских центрах и г. Ашхабад с 17 по 30 июля 2023 года.

 

Перечень документов:

- заявление на имя ректора по установленной

форме;

- анкета по установленной форме;

- подлинник документа о высшем образовании и его приложение (к документу о высшем образовании, выданному в иностранном государстве, прилагается свидетельство о его признании в Туркменистане);

- медицинская справка по форме, установленной Министерством здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана;

- характеристика с последнего места учёбы (работы, воинской части);

- восемь фотографий размером 3х4 см;

- заверенная копия трудовой книжки для работающих;

- заявление на английском языке о цели обучения “Statement of Purpose” по программе магистра, состоящее из не более 500 слов.

Кроме того, поступающие вместе с вышеуказанными документами предъявляют и сдают в приёмную комиссию копии следующих документов:

- паспорт;

- военный билет или приписное свидетельство и справку от военного комиссариата по месту жительства.

За неправильно предоставленную информацию и недостоверные документы абитуриент несёт персональную ответственность.

 

Собеседование и зачисление осуществляются в университете (г. Ашхабад) 16-17 августа 2023 года.

Собеседование проводится на английском языке по избранному направлению подготовки.

Лицам, не явившимся без уважительных причин в назначенное время на собеседование, дополнительная возможность его прохождения не предоставляется.

 

Преимущественным правом при зачислении в число студентов по программе магистра по итогам вступительного собеседования пользуются:

- лица, получившие высокие баллы по заявлению о цели обучения по программе магистра по выбранному направлению подготовки;

- лица, имеющие трудовой стаж по избранному направлению подготовки не менее 2-х лет.

 

Адрес Международного университета гуманитарных наук и развития:

г. Ашхабад, ул. 1958 (Андалиба), 169; тел.: 39-85-62, 39-85-25.