Türkmenistanyň
Bilim ministrligi 2023-2024-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň
ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça seçip alyş
işini geçirýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 14.03.2023 sanynda habar
berilýär.
Bellenilişi
ýaly, Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta
hünär bilimli, ýaşy 25-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iňlis dilini bilýän
Türkmenistanyň raýatlary seçip alyş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik
esasynda saýlanýar.
Hünärleriň
sanawy, Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi
maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri
baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolýar.
Resmi
iş kagyzlary 2023-nji ýylyň 15 — 22-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer
ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.
Resmi
iş kagyzlarynyň sanawy:
- Türkmenistanyň raýaty üçin
bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;
- Hytaý Halk Respublikasynyň
ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberilýän daşary ýurt raýatynyň bellenen nusga
boýunça sowalnamasy;
- umumy orta bilim ýa-da orta hünär bilimi baradaky resminamanyň asyl
nusgasy;
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş
we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy
(Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş
edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
- COVID-19-a garşy sanjym
geçirilendigi baradaky kepilnamasy;
- soňky okan ýa-da işlän ýerinden
(harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 sm ölçegde on iki sany
fotosurat;
- işleýänler üçin zähmet
depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
seçip alyş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, ýokary hünär bilim
edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň
dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça
halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol
ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen
resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we
nusgalaryny tabşyrýarlar:
- Türkmenistanyň raýatynyň
pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we
Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
- Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy
geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby
wekillikden güwä hatyny.
Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden
goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär
şahsy jogapkärçilik çekýär.
Seçip alyş synaglary 2023-nji ýylyň 29 — 31-nji marty aralygynda Halkara
ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilýär.
Seçip alyş synaglary umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden
test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär.
Test — ýazmaça, söhbetdeşlik — dilden Türkmenistanyň döwlet dilinde
geçirilýär.
Seçip alyş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip
bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler soňky synaglara
goýberilmeýär.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat şäheri,
1958-nji (Andalyp) köçe, 169.
Министерство
образования Туркменистана проводит отбор на обучение по программам высшего
профессионального образования в вузы КНР на 2023/2024 учебный год.
Требования
для кандидатов следующие: граждане Туркменистана не старше 25 лет, имеющие
общее среднее, среднее профессиональное образование, достигшие 18-летнего
возраста, владеющие английским языком.
Отбор
будет вестись по результатам отборочных экзаменов на конкурсной основе.
Информацию
о перечне специальностей, количестве мест на обучение по программам, а также об
условиях обучения можно получить в приёмной комиссии.
Документы
принимаются в Международном университете гуманитарных наук и развития с 15 по
22 марта.
В
список документов входит:
- заявление и анкета по установленной форме для
гражданина Туркменистана;
- анкета иностранного гражданина, направляемого
на обучение в высшие учебные заведения Китайской Народной Республики;
- оригинал документа об общем среднем
образовании или среднем профессиональном образовании;
- медицинская справка по форме, установленной
Министерством здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана
(медицинская справка, выдаваемая поступающим в высшие учебные заведения,
находящиеся за пределами Туркменистана);
- справка о вакцинации от COVID-19;
- характеристика с последнего места учёбы или
работы (воинской части);
- двенадцать фотографий размером 3x4 см;
- заверенная копия трудовой книжки для
работающих;
при
успешной сдаче экзаменов победители государственной олимпиады школьников, члены
сборных команд Туркменистана, участвовавшие в международных олимпиадах по
общеобразовательным предметам, пользующиеся преимуществом при поступлении в
вузы, представляют оригинал соответствующего документа.
Также
желающим поступить на учёбу с вышеуказанными документами необходимо предъявить
и сдать в приёмную комиссию копии следующих документов:
- паспорт гражданина Туркменистана, а также
паспорт гражданина Туркменистана для выезда и въезда в Туркменистан;
- отслужившие в рядах Вооружённых Сил
Туркменистана – военный билет, а юноши, не проходившие военную службу –
приписное свидетельство и справку от военного комиссариата по месту жительства.
При
необходимости приёмная комиссия может запросить у абитуриента дополнительные
сведения. За неправильно предоставленную информацию и документы абитуриент
несёт персональную ответственность.
Отборочные
экзамены будут проходить с 29 по 31 марта в Международном университете
гуманитарных наук и развития в форме тестирования по общеобразовательным предметам,
а также собеседования по истории Туркменистана. Тестирование проводится
письменно, собеседование - устно на государственном языке Туркменистана.
Лица,
не явившиеся на экзамен в назначенное по расписанию отбора время или не
выдержавшие экзамен по одному из предметов, к последующим экзаменам не
допускаются.
Международный
университет гуманитарных наук и развития располагается по адресу: г. Ашхабад,
улица 1958 (Андалиба), 169.
Контактные телефоны: +99312 39-85-62, +99312 39-85-25.