Halkara ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijelerine hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna bagyşlanan tegelek stol gepleşigi geçirildi.
Maslahata uniwersitetiň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çärede Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda kabul edilen möhüm durmuş-ykdysady kararlar we döwlet maksatnamalary giňden seljerildi. Çykyşlarda şanly Garaşsyzlygyň 35 ýylynyň dowamynda gazanylan beýik üstünlikler, hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri, sanly ykdysadyýetiň ösüşi hem-de bilim-ylym ulgamyndaky özgerişler barada giňişleýin durlup geçildi.
Tegelek stolyna gatnaşyjylar Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde bilim ulgamynyň öňünde goýlan wezipelere, hususan-da, ýaşlaryň ylmy-döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bilimiň hilini döwrebaplaşdyrmaga we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns çekdiler. Çäräniň soňunda gatnaşyjylar ýaşlara döwrebap bilim almaga we Watanyň ösüşine goşant goşmaga döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Döwlet baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler.