Iň soňky habarlar

26 August 2026 г. 20 Iň soňky habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde, milli bilim ulgamyny, şol sanda ýokary hünär bilimini döwrüň talaplaryndan ugur alyp ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Öňde belent maksatlar goýlup, döwlet bilim resminamalary taýýarlanylýar hem-de netijeli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynda kesgitlenilen wezipeler hem ýurdumyzda ýokary hünär biliminiň hilini we mazmunyny halkara derejede ykrar edilen görkezijilere laýyklykda ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki döwürde jemgyýetiň durnukly ösüşini, onuň ruhy-medeni kuwwatyny we geljegini kesgitleýän möhüm ugurlaryň biri bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegidir. Bilim diňe bir ýaş nesle ylmy maglumatlary, nazary bilimleri we amaly başarnyklary öwretmegiň serişdesi bolman, eýsem şahsyýetiň dünýägaraýşyny, ahlak ýörelgelerini, medeni derejesini we jemgyýetçilik garaýyşlaryny kemala getirýän möhüm durmuş mekdebidir. 

Türkmenistanyň häzirki zaman bilim ulgamynda hem bilim bilen terbiýäniň sazlaşykly alnyp barylmagyna, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösüşine, olaryň ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ynsanperwer gymmatlyklary ösdürmek jemgyýetiň ruhy bitewüligini, nesilleriň dowamlylygyny we ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün edýän möhüm şertleriň biridir.

Ynsanperwer gymmatlyklary ösdürmegiň ilkinji we esasy şertleriniň biri bilim bilen terbiýäniň bitewüligini üpjün etmekden ybaratdyr. Bilim edarasynda berilýän her bir ders ýaşlaryň diňe bir hünär bilimlerini baýlaşdyrman, eýsem olaryň pikirleniş medeniýetine, durmuş garaýyşlaryna we şahsyýet hökmünde kemala gelmegine hem täsir edýär.

Ýokary okuw mekdebinde talyplaryň ylmy dünýägaraýşyny ösdürmek bilen birlikde, olaryň özbaşdak pikirlenmek, netijä gelmek, dürli garaýyşlara hormat goýmak, pikir alyşmak medeniýetini berjaý etmek ýaly başarnyklaryny ösdürmek zerurdyr. Türkmenistanyň bilim ulgamynda ynsanperwer gymmatlyklary ösdürmegiň ýene bir möhüm ugry milli gymmatlyklary umumadamzat gymmatlyklary bilen sazlaşykly ösdürmekdir. Bu gymmatlyklar halkyň durmuş tejribesinde, däp-dessurlarynda, halk döredijiliginde, nusgawy edebiýatynda we beýik akyldarlaryň eserlerinde giňden şöhlelenýär.

Ýaş nesliň milli medeni mirasa hormat goýmagy onuň taryhy köklerine, milli özboluşlylygyna we jemgyýetçilik jogapkärçiligine düşünmegine ýardam edýär. Şol bir wagtyň özünde häzirki zaman ýaşlarynyň dünýä medeniýetiniň dürli ugurlary bilen tanyşmagy, beýleki halklaryň däp-dessurlaryna we medeniýetlerine hormat goýmagy hem möhümdir. Ynsanperwer gymmatlyklary ösdürmekde mugallymyň orny aýratyn möhümdir. Mugallym bilim berýän hünärmen bolmak bilen birlikde, ýaş nesliň ruhy-ahlak taýdan kemala gelmegine täsir edýän esasy şahslaryň biridir.

Şeýle gurşawda mugallym diňe bir maglumat beriji däl-de, eýsem talybyň ylmy gözlegine, döredijilik ukybyna we şahsy ösüşine ýol görkeziji hökmünde çykyş edýär.

Ýokary bilim ulgamynyň möhüm wezipeleriniň biri-de geljekki hünärmenlerde raýatlyk jogapkärçiligini ösdürmekdir. Jemgyýetiň ösüşi diňe bir ykdysady we tehnologik mümkinçiliklere däl, eýsem bilimli, işjeň we jogapkärçilikli raýatlaryň sanyna hem baglydyr.

Talyplaryň jemgyýetçilik işlerine, ylmy-amaly maslahatlara, medeni çärelerdir döredijilik bäsleşiklerine, dürli bilim we terbiýeçilik başlangyçlaryna işjeň gatnaşmagy olaryň jemgyýetçilik garaýyşlaryny ösdürmäge ýardam edýär. Şeýle çäreleriň dowamynda ýaşlar topar bolup işlemek, özara pikir alyşmak, meseleleriň çözgüdini bilelikde gözlemek we umumy maksada ýetmek ýaly möhüm durmuş başarnyklaryny özleşdirýärler.

Häzirki döwürde ylym we tehnologiýa örän çalt ösýär. Sanly tehnologiýalaryň, elektron bilim çeşmeleriniň we täze okuw usullarynyň giňden ulanylmagy ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegiň mümkinçiliklerini has-da giňeldýär.

Şeýle şertlerde tehnologiýalaryň bilim işine ornaşdyrylmagy bilen birlikde, onuň ynsanperwer mazmunynyň hem saklanmagy möhümdir. Bu işde mugallymyň şahsy gatnaşygy, maslahat bermegi, okuwçynyň ýa-da talybyň aýratyn ukyplaryny nazara almagy möhüm ähmiýete eýedir.

Ýokary okuw mekdeplerinde ynsanperwer gymmatlyklary ösdürmek üçin dürli pedagogik usullardan peýdalanmak mümkindir. Hususan-da, dialog esasly okuw, toparlaýyn iş, pikir alyşmalar, ylmy çekişmeler, meseleleriň çözgüdini bilelikde gözlemek, döredijilikli ýumuşlar we durmuş ýagdaýlaryny seljermek ýaly usullar talyplaryň işjeňligini artdyrýar.

Mugallym okuw sapagynda her bir talybyň şahsy aýratynlygyna hormat goýup, onuň pikirini diňlemeli, bilim almaga bolan höwesini goldamaly we öz mümkinçiliklerini doly peýdalanmagyna şert döretmelidir. Şeýle çemeleşme bilim işiniň ynsanperwer häsiýetini güýçlendirýär.

Türkmenistanyň bilim ulgamynda ynsanperwer gymmatlyklary ösdürmek häzirki zaman bilim-terbiýeçilik işiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugur ýaş nesliň diňe bir ýokary derejeli bilim almagyny däl, eýsem onuň ruhy taýdan baý, ahlak taýdan kämil, milli gymmatlyklara wepaly, umumadamzat ýörelgelerine hormat goýýan we jemgyýetiň öňündäki jogapkärçiligine düşünýän şahsyýet hökmünde kemala gelmegini maksat edinýär.

Şeýlelikde, häzirki zaman ýokary okuw mekdebiniň esasy wezipesi diňe bir hünär taýdan taýýarlykly ýaşlary ýetişdirmek bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetiň ösüşine mynasyp goşant goşup biljek, giň dünýägaraýyşly, ýokary medeniýetli, ynsanperwer we jogapkärçilikli şahsyýetleri kemala getirmekden ybaratdyr.

Ynsanperwer gymmatlyklar ýaş nesliň ruhy sütünidir. Olary bilim arkaly ösdürmek, terbiýe arkaly berkitmek we gündelik durmuşda görelde arkaly ornaşdyrmak jemgyýetiň geljegine gönükdirilen möhüm işleriň biridir. Şonuň üçin bu ugurdaky ylmy-usuly gözlegleri dowam etdirmek, ýokary okuw mekdeplerinde netijeli pedagogik tejribeleri giňden ornaşdyrmak hem-de ýaşlaryň döredijilik we jemgyýetçilik mümkinçiliklerini goldamak möhüm wezipeler bolup durýar.

Biz, mugallymlara, yhlasly zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Her bir döwletli işleri elmydama rowaç alsyn!