Iň soňky habarlar

14 August 2026 г. 18 Iň soňky habarlar

Gözelligiň we kämilligiň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Türkmenistanyň täze taryhy döwürdäki okgunly ösüşleriniň nyşanydyr. Ahalteke bedewlerine uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde milli atçylyk däplerini gorap saklamak hem-de ony üstünlikli dowam etdirmek, atçylyk sportuny ösdürmek, dünýäde wagyz etmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda atçylyk diňe bir oba hojalyk pudagy däl, eýsem halkyň milli gymmatlygy, buýsanjy we taryhy mirasydyr. Türkmenistanyň çäklerinde atçylyk medeniýeti müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelipdir.

Ahalteke bedewi – diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş adamzat siwilizasiýasynyň ajaýyp medeni we taryhy mirasydyr. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen sährasynda kemala gelen bu behişdi bedewler, özüniň gözelligi, çeýeligi, çydamlylygy we eýesine bolan çuňňur wepalylygy bilen dünýäni haýran galdyryp gelýär.

Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň taryhynda we durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Halkyň dilden geçen dessanlarynda, şeýle hem taryhy çeşmelerde bedew diňe bir ulag serişdesi däl, eýsem ilkinji dost, syrdaş we maşgala agzasy hökmünde suratlandyrylýar. Häzirki döwürde ahalteke bedewleriniň milli miras hökmünde gadymky şöhratynyň dikeldilmegi we olaryň köpeldilmegi Türkmenistan garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň başlandy. Ahalteke bedewi özüniň taryhy Watanynda hakyky keşbine eýe boldy.

Ahalteke bedewi ýer ýüzünde iň gadymy tohumdaky atlardandyr. Onuň iň gowy häsiýetleri bedew ýetişdirmegiň irki tapgyrlarynda türkmenler tarapyndan kemala getirildi we häzirki günlere çenli üýtgewsiz diýen ýaly saklandy. Ahalteke bedewleriniň häzirki tohumdaky görnüşleri özleriniň gadymky, ýagny müňlerçe ýyl mundan ozal ýaşan nesillerinden boýunyň belentligi we dürs hem-de sazlaşykly hereketleri bilen tapawutlanýar. Tohumçylyk işiniň usullaryny kämillik derejesine ýetirmek arkaly biziň gadymy pederlerimiz atlary türgenleşdirmek we ösdürmek bilen meşgullanan halk seçgiçileri atşynaslygyň täsin medeniýetini ösdürdiler. Soňra bu ýörelge sebitiň çäklerinden daşyna çykdy.

Häzirki döwürde ahalteke bedewleri atçylyk sportunyň nusgawy görnüş- lerinde, atçylyk sporty tomaşalarynda, at üstünde ýerine ýetirilýän oýunlarda, sirk manežlerinde öz artykmaçlyklaryny üstünlik bilen beýan edýärler. Bu bolsa işjeň dynç alyşda, atly gezelençlerde bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolmak bilen, giňden ulanylýan usullardyr. Bugün Türkmenistanda ahalteke bedewleri hormat münberine çykdy we ol halk zehininiň janly ýadygärligine, täze taryhy eýýama gadam basan ýurduň keşbiniň ajaýyp nyşanyna öwrüldi.

Milli mirasy öwrenmek, goramak we ony gelejekki nesillere ýetirmekde ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň we talyplaryň orny uly bolup durýar. Ýaşlaryň taryhy-medeni mirasymyzy ylmy nukdaýnazardan öwrenmegi, halkara dili hökmünde iňlis dilinde we beýleki dillerde dünýä köpçüligine ýetirmegi milli buýsanjymyzyň mertebesini has-da ýokary göterýär. Ahalteke bedewi – geçmişiň, häzirki döwrüň we geljegiň arasyndaky altyn köprüdir. Ol türkmen halkynyň döredijilik yşgynyň, çeýeliginiň we belent maksatlara bolan ymtylyşynyň ebedi nyşany bolup galar.