Iň soňky habarlar

23 June 2026 г. 19 Iň soňky habarlar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda nobatdaky möhüm waka bolup geçdi.  Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti  bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Bu resminama ýokary bilim, ylmy-barlag işleri, sanly bilim tehnologiýalary, akademiki alyş-çalyş maksatnamalary hem-de mugallymlaryň we talyplaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Şeýle hem taraplaryň arasynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, halkara tejribäni alyşmak we innowasion başlangyçlary goldamak üçin täze mümkinçilikler açylar.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda we Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde Türkmenistanda bilim ulgamynyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň öňdebaryjy bilim merkezleri bilen ýola goýýan hyzmatdaşlygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Gol çekişlik dabarasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga, bilim we ylym ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga möhüm goşant goşar.