18-nji aprelde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 18-sinden gelen talyplaryň gatnaşmagynda «Halka asylly ykbal sen, arşyň aty» atly intellektual bäsleşigi geçirildi.
Çäre Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy tarapyndan 2026-njy ýylyň « Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany » diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guraldy.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen bäsleşik Gahryman Arkadagymyzyň «arşyň» bedewlerimize bagyşlap ýazan kitaplaryndaky maglumatlara esaslandy. Halkara ynsanpwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (IUHD) «Brain-ring» topary bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, hormatly 3-nji orna mynasyp boldy.
Biz Halkara ynsanpwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň zehinli talyplaryny — Aýläle Çaljaýewany, Güljahan Gurbanowany, Sapargylyç Sapargylyjowy we Jennet Isgenderowany ajaýyp çykyşlary hem-de gazanan ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Taýýarlan:
Orazsoltan Annamyradowa,
Halkara ykdysadyýet we ösüş uniwersitetiniň mugallymy