27-nji oktýabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Durnukly ösüş maksatlary: okatmagyň usulyýeti we innowasiýalar esasynda ýokary hilli bilimi we adam maýasyny ösdürmek» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlandy.
Maslahata ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon, ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň Florensiýa şäherindäki (Italiýa) şahamçasynyň direktory Fabrisio Rikkýardelli, Westminster uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory Endrýu Lin, Türkmenistanyň DIM-niň halkara ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atageldi Haljanow, ÝUNESKO-nyň bilimde Maglumat tehnologiýalary institutynyň direktory Tao Çžan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň daşary ýurt dilleri kafedrasynyň italýan dili mugallymy Jowanna Farçi, şeýle hem uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Ylmy maslahat HYYweÖU-niň rektory Maral Kuliýewanyň gutlag sözi bilen açyldy. Soňra çykyş edenleriň bilimde innowasiýalaryň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň, sanlylaşdyrmagyň we talyplara aýratyn çemeleşmegiň ähmiýetini nygtaýan çuňňur manyly çykyşlar bilen dowam etdi. Maslahata gatnaşyjylar okatmakda innowasion usullarynyň ulanylmagynyň we halkara hyzmatdaşlyklarynyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna saldamly goşant goşýandygy barada nygtap geçdiler.
Maslahatyň dowamynda Westminster uniwersiteti “Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenilişini çaltlandyrmak (AELLCA)” atly maksatnamanyň çäklerinde HYYweÖU-ne ýörite şahadatnama gowşurdy. Bu waka uniwersitetiň köp dilli diplomatiýany ösdürmekdäki möhüm ornuny, türkmen ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt uniwersitetleri bilen ylym-bilim hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda edýän tagallalaryny we halkara bilim hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýandygyny görkezdi.
BMG bilen barha giňeýän hyzmatdaşlygyň netijesinde Türkmenistan dürli ugurlarda möhüm taslamalary üstünlikli amala aşyrýar, dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmäge öz mynasyp goşandyny goşýar. Ýokary hilli bilim ýurduň möhüm milli ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy bolsa barha ýokarlanýar.