Loading...

31 October 2025 г. Iň soňky habarlar

2025-nji ýylyň 26–31-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň wekilleri Ýewropa Bileleşiginiň ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygyny hem-de akademiki hereketliligini ösdürmäge gönükdirilen Erasmus+ KA171 Merkezi Aziýa taslamasynyň okuw maslahatyna gatnaşdylar. Çäre Italiýanyň “G. d’Annunzio” adyndaky Kýeti–Peskara uniwersitetinde geçirildi.

Bu halkara maslahata Türkmenistana wekilçilik etmek üçin Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Arslan Çaryýew hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Şirin Durdyýewa gatnaşdylar.

Maksatnamanyň ilkinji güni Peskara şäher häkimliginde geçirilen resmi açylyş dabarasy bilen başlandy. Onda Peskara şäheriniň ýerli ýolbaşçylary hem-de uniwersitetiň ýolbaşçylary çykyş edip, Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň ähmiýeti barada belläp geçdiler.

28-nji oktýabrda duşuşyk “G. d’Annunzio” adyndaky uniwersitetiniň Peskara şäherindäki okuw binalarynda dowam etdi. Bu ýerde gatnaşyjylara Erasmus+ KA171 – 2025 Merkezi Aziýa taslamasynyň maksatly ugurlary hem-de geljekki hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berildi. Şol gün çykyş eden Ana Bargan we professor Maria Teresa Giusti Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysallaryny we täze başlangyçlaryny tanyşdyrdylar.

29-njy oktýabrda gatnaşyjylar “G. d’Annunzio” adyndaky uniwersitetiniň Kýeti şäherindäki okuw binalaryna baryp gördüler. Olar bu ýerde döwrebap okuw binalary, ylmy-tehniki enjamlar bilen üpjün edilen merkezleri we innowasion okuw gurşawy bilen tanyşdylar.

Maksatnamanyň ahyrynda gatnaşyjylara sertifikatlar gowşuryldy we bu halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda olaryň işjeň gatnaşygyna ýokary baha berildi.

Bu Erasmus+ KA171 taslamasynyň çäklerinde 2026–2027-nji okuw ýyllarynda mugallymlaryň we talyplaryň akademiki hereketliliginiň çäklerinde alyş-çalyş maksatnamalary amala aşyrylar. Bu maksatnamalar tejribe alyşmaga, hünär derejesini ýokarlandyrmaga hem-de medeni gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik döreder.

Bu halkara başlangyç Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara hyzmatdaşlygyna, döwrebap bilim ulgamyny ösdürmäge hem-de dünýä bilim giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna gönükdirilen tagallalarynyň netijesidir.

Okuw maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli başlangyçlarynyň üsti bilen türkmen bilim ulgamynyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanýandygyna aýratyn minnetdarlyk bildirdiler.