13-15-nji oktýabr aralygynda Türkmenistandaky iň öňdebaryjy okuw jaýlarynyň, geljekki iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamaga ýörelge edýän wekilleri, mugallymçylyk hünärine taýýarlyk maksatnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak üçin duşuşdylar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň adyndan bu çärede Gunça Seýilbaýewa, Çemen Wekilowa, Orazsoltan Annamyradowa we Begenç Nurgeldiýew üstünlikli şekilde çykyş etdiler hem-de öz tejribelerini we pikirlerini paýlaşdylar.
Bu çäre gatnaşyjylaryň tekliplerini Bilim ministrligine hödürlemegi bilen tamamlandy, şondan soňra bolsa, Beýik Britaniýanyň Ilçisi jenap Stiwen Konlon tarapyndan şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Bu başlangyç Beýik Britaniýanyň Halkara Ösüş gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän we Britan Geňeşi tarapyndan durmuşa geçirilýän AELLCA (Merkezi Aziýada Iňlis Dilini Öwrenmegi Çaltlaşdyrmak) maksatnamasynyň çäginde geçirildi.