Loading...

15 May 2026 г. Iň soňky habarlar

Ýaponiýa amala aşyrylan iş saparynyň çäklerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti bilim we häzirki zaman tehnologiýalary ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

Esasy duşuşyklaryň biri Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýa ministrliginiň wise-ministri Kazuhiko Yano bilen geçirildi. Türkmen tarapyna Ýaponiýadaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory Nurmuhammet Şyhlyýew wekilçilik etdi.

Gepleşikleriň dowamynda şu meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy:
Bilim we ylym ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek
Akademiki alyş-çalyş mümkinçilikleri
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek

 Bilim ulgamyna häzirki zaman çemeleşmelerini ornaşdyrmak we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek

Wekiliýet şeýle hem sanly bilim çözgütleri, CBT ulgamlary, emeli aň esasly bilim tehnologiýalary hem-de akademiki görkezijileriň analitikasy boýunça ýöriteleşen Ýaponiýanyň öňdebaryjy EdTech kompaniýalarynyň biri bolan SPRIX kompaniýasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň netijesinde birnäçe möhüm ylalaşyklar gazanyldy, şol sanda:
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde häzirki zaman test ulgamyny ornaşdyrmak boýunça täjirçilik däl synag taslamasyny işe girizmek
Halkara standartlaryna laýyklykda okuw maksatnamalaryny taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk
Mugallymlar üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamalaryny durmuşa geçirmek
Bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk

Taraplar gazanylan ylalaşyklaryň bilim, ylym we innowasiýa ugurlarynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdiler.