Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary Çemen Wekilowa we Oguljahan Gurbanowa 4-8-nji mart aralygynda Daşkentde geçirilen Britaniýa Geňeşiniň hyzmatdaşlyk sammitine gatnaşdylar. Bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynda iňlis dilini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen AELLCA (Merkezi Aziýada iňlis diliniň okadylyşyny tizleşdirmek) bilim başlangyjynyň çäklerinde guraldy.
Türkmenistany bu forumda ýurdumyzyň iň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň — Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekilleri wekilçilik etdiler.
Sammitiň gün tertibine iňlis dilini okatmagyň döwrebap usulyýeti, mugallymlar üçin hünär kämilleşdiriş gurallary we uniwersitetara hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň mehanizmleri baradaky çekişmeler girizildi. Gatnaşyjylar okuw maslahatlaryny we tejribe alyşma sessiýalaryny geçirdiler, bu bolsa bilelikdäki dil taslamalaryny başlatmak baradaky gürrüňdeşliklere sebäp boldy.
Sammitiň çäklerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri Daşkentdäki Westmister halkara uniwersitetiniň hyzmatdaşlary bilen bilelikde tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler. Çykyşlarda prorektor Endrýu Linn we professor Anastasiýa Bezborodowa gatnaşdylar. Çykyş edenler AELLCA taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylan bilelikdäki işler we gazanylan netijeler barada durup geçdiler, şeýle hem geljekki akademiki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapynyň şeýle derejedäki çärä gatnaşmagy, halkara standartlaryna laýyklykda milli bilim ulgamyna innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açdy. Bilermenler sammitiň beren itergisiniň mugallymlaryň hünär jemgyýetiniň has-da ösmegine we sebitara bilim ulgamlarynyň integrasiýasyny güýçlendirmäge ýardam etjekdigini bellediler.