Türkmenistanyň wekiliýeti “Mekdep 21”iň innowasiýalaryny örenýärler
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektoryndan, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriliginiň wekillerinden ybarat bolan türkmen wekiliýeti Kazan şäherinde geçirilen “Ökde IT-hünärmenleri — bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň we öňdebaryjy ösüşiň esasy şerti” atly strategiki sessiýasyna gatnaşdylar.
Çäre "Sberbank" PJ-niň goldawy bilen döredilen “Mekdep 21” -iňkampusynda geçirildi. “Mekdep 21” — bu Sber tarapyndan goldanylýan, "deň-deňe" usulyýetine we amaly işe gönükdirilen okuw maksatnamasyna esaslanýan, programmalaşdyrmak we sanly tehnologiýalar boýunça bilim taslamasydyr. Gatnaşyjylar özara hyzmatdaşlyk we hakyky taslamalary durmuşa geçirmek arkaly maksatnamalaşdyryş ukyplaryny ösdürýärler. Bu bolsa sanly ykdysadyýet üçin iň zerur IT-hünärmenleriniň taýýarlanmagyna we adam maýasynyň kämilleşmegine goşant goşýar.
Wekiliýetiň iş meýilnamasy “Mekdep 21"-iň işi bilen tanyşlykdan başlandy. Maslahatyň dowamynda Kazandaky “Mekdep 21”-iň taslamasynyň ýolbaşçysy Ý. Werşinina ýokary hünärli IT-hünärmenlerini taýýarlamagyň innowasion nusgasyny ornaşdyrmak tejribesi barada çykyş etdi. Ol taslamanyň bilim konsepsiýasynyň binýadynda duran esasy ýörelgelere we onuň döwrebap işçi güýjüni kemala getirmekdäki ornuna aýratyn üns çekdi.
Uniwesitetiň prorektory we wekiliýet agzalary IT-bilimini ösdürmek boýunça özara pikir alşyp, geljekki hünärmenleri okatmakda döwrebap çemeleşmeleri ornaşdyrmagyň ähmiýetini nygtadylar.
Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň hünär bilimi ulgamyndaky iň gowy tejribelerini görkezýän tanyşdyrylyşy bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň bilim ulgamyna döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly sanlylaşdyrmakda uly ösüşler gazanandygy bellenildi. Esasy üstünlikleriň hatarynda sanly okuw platformalarynyň giňden ulanylmagy, bilim serişdelerine elýeterliligiň üpjün edilmegi we uzakdan okatmagyň ösdürilmegi görkezildi.
Saparyň çäginde wekiliýet sebitiň öňdebaryjy innowasiýa merkezleriniň biri bolan Bäşir Ramaýew adyndaky tehnoparka baryp gördi. Myhmanlar tehnoparkyň rezidentleri tarapyndan işlenip düzülen täzeçil taslamalar we tehnologiýalar bilen tanyşdylar hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki tarap hem tehnoparkyň bilim alyşmak, innowasiýalary ösdürmek we ylym-tehnologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek üçin möhüm binýatdygyny bellediler.
Türkmen wekiliýetiniň Kazana bolan bu sapary IT we sanly tehnologiýalar boýunça halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde möhüm ädim boldy. Wekiliýet “Mekdep 21”-iň öňdebaryjy bilim tejribelerini we Bäşir Ramaýew adyndaky tehnoparkyň mümkinçiliklerini ýokary bahalandyryp, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýet üçin hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýetini nygtady. Taraplar tejribe alşmaga we bilelikdäki innowasion taslamalary amala aşyrmaga taýýardyklaryny bildirdiler.