Loading...

3 March 2026 г. Iň soňky habarlar

2026-njy ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň iňlis dili mugallymlary Aşgabat şäherindäki Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilen «Mugallymlary taýýarlamaga inklýusiw usulyýeti ornaşdyrmak» atly simpoziuma gatnaşdylar.

Bu çäre Accelerating English Language Learning in Central Asia (AELLCA) maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. Maksatnama British Council tarapyndan durmuşa geçirilýär we UK International Development tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Simpoziumyň maksatnamasyna Nottingham Trent Uniwersitetinden doktor Sara Han tarapyndan hödürlenen ylham beriji esasy çykyş, interaktiw pikir alyşmalar hem-de inklýuziw okuw meýilnamalaryny taýýarlamak we sapaklary meýilleşdirmek boýunça bilelikdäki amaly işler girizildi.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden Orazsoltan Annamuradowa, Jahan Babaýewa we Eneniýaz Orunowa buýsanç bilen wekilçilik edip, olar pikir alyşmalara işjeň gatnaşdylar we gymmatly hünär bilimlerini we tejribelerini paýlaşdylar.

Ähli gatnaşyjylara simpoziumyň işine goşant goşandyklary üçin şahadatnamalar gowşuryldy.

Bu çäre Türkmenistanyň iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmakda we akademiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda nobatdaky möhüm ädim boldy