Loading...

7 December 2025 г. Iň soňky habarlar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren döwlet ähmiýetli tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty tarapyndan ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Halkara Bitaraplyk güni, şeýle-de ýetip gelýän Täze 2026-njy ýyl mynasybetli ýurdumyzyň 18 sany ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda "Hemişelik Bitaraplyk-Baky bagtyýarlyk" atly açyk breýn-ring bäsleşigini geçirdi.

Breýn-ring bäsleşigi türkmen, rus we iňlis dillerinde, sorag we ýazmaça jogap görnüşinde boldy.

Bu bäsleşik ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda Bitaraplyk ideýasyny, parahatçylyk söýüjilik hem-de yhlasy bilen zähmet çekmek ýörelgelerini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary — Yhlas Kömekow, Guljahan Gurbanowa, Sapargylyç Saparglyjew, Meňli Çaryýewa, Jennet Isgenderowa, Selbi Ruslanowa — 1-nji ýere mynasyp boldular