Loading...

5 May 2025 г. Iň soňky habarlar

Medine Odaýewa: Iki Gezek Yzly-yzyna Absolute Ýeňiji! VjIMC 2025-iň Grand Pri Eýesi!

Türkmenistanyň halkara ylmy üstünlikleriniň tolkuny dowam edýär! Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYÖU) talyby Medine Odaýewa abraýly 32-nji gezek geçirilen Woýteh Ýarnik Halkara Matematika Bäsleşiginde (VjIMC 2025) Absolute Ýeňiji (Grand Pri) diýen belent ada mynasyp boldy.

30-njy aprelden 2-nji maýa çenli Çehiýa Respublikasynyň Ostrawa uniwersitetinde geçirilen bu Olimpiada dünýäniň ähli künjeginden iň ökde ýaş matematikleri birleşdirdi. Odaýewa ikinji kategoriýada ýokary baha alyp, altyn medaly we Grand Pri adyny aldy. Bu ýeňiş, SEEMOUS 2025-de gazanan Absolute Ýeňiji adyndan soň, onuň ajaýyp zehininiň we ylmy taýdan güýçli taýýarlygynyň subutnamasy boldy. Onuň yzly-yzyna gazanan bu iki uly ýeňşi, ony öz ugrunda dünýä derejesindäki lider hökmünde ykrar edip, uniwersitetine we ýurduna ägirt uly abraý getirdi.