HALKARA HYZMATDAŞLYGY
2014-nji ýylda esaslandyrylan gününden bäri, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (HYYÖU) halkara hyzmatdaşlygynyň işjeň syýasatyny özüniň bilim ulgamynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yzygiderli durmuşa geçirip gelýär. Türkmenistanda iňlis dilini esasy okatmak dili hökmünde kabul eden ilkinji ýokary okuw mekdebi bolmak bilen, HYYÖU özüni ählumumy bilim gepleşikleri we hyzmatdaşlyk üçin açyk merkez hökmünde görkezdi.
HYYÖU Ýewropanyň, Aziýanyň we Demirgazyk Amerikanyň öňdebaryjy uniwersitetleri hem-de bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyklary baglaşdy we işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy. Bu hyzmatdaşlyklar bilelikdäki bilim işleri, talyplaryň we mugallymlaryň tejribe alyşmak maksatnamalaryny (mobility), bilelikdäki ylmi-barlaglary, şeýle hem halkara maslahatlarynyň we ylmy çäreleriň guralmagyny goldaýar.
HYYÖU-nyň halkara hyzmatdaşlary bolup durýan ýokary okuw mekdepleri aşakdakylar:
- Wright Döwlet uniwersiteti we Kent Döwlet uniwersiteti (Amerikanyň Birleşen Ştatlary)
- Sungkyunkwan uniwersiteti we Hanýang uniwersiteti (Koreýa Respublikasy)
- Tokiýo daşary ýurt dilleri uniwersiteti (Ýaponiýa)
- Parahatçylyk we diplomatik barlaglar instituty (Päkistan)
- Dolandyryş we ylym uniwersiteti hem-de Malaýa uniwersiteti (Malaýziýa)
- Alba Ýuliýanyň «1-nji dekabr 1918» uniwersiteti, Piteşti uniwersiteti we Aradyň Wasile Goldiş adyndaky Günbatar uniwersiteti (Rumyniýa)
- ADA uniwersiteti (Azerbaýjan)
- Nazarbaýew uniwersiteti (Gazagystan)
- Astrahan döwlet uniwersiteti (Russiýa Federasiýasy)
- Krems amaly ylymlar uniwersiteti (IMC) (Awstriýa)
- Wenesiýanyň Ka-Foskari uniwersiteti (Italiýa)
- Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkezi (Hytaý Halk Respublikasy)
- Westminster uniwersiteti (Beýik Britaniýa)
Halkara hyzmatdaşlygy HYYÖU-na bilim hereketlilik maksatnamasy boýunça anyk başlangyçlary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berdi. Hususan-da, on sany talybymyz Tokiýo daşary ýurt dilleri uniwersiteti bilen alnyp barlan alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşdy, Ýaponiýadan gelen bir talyp bolsa HYYÖU-da bilim aldy. Mundan başga-da, uniwersitetimiziň iki talyby Koreýa Respublikasynyň Hanýang uniwersitetinde alyş-çalyş maksatnamasy boýunça okuwyny üstünlikli tamamlady.
Şeýle hem, HYYÖU hyzmatdaş edaralardan gelýän myhman professorlary we mugallymlary yzygiderli kabul edýär. Bu bolsa okuw maksatnamalarynyň halkaralaşmagyna goşant goşmak bilen, talyplaryň dürli ylmy garaýyşlar bilen tanyşmagyna şert döredýär.
Uniwersitetiň halkara derejesindäki işjeňligi Pan Gi Mun, Amina Mohammed, Lamberto Zannier we Urban Rusnak ýaly dünýä belli şahsyýetleriň ýokary derejeli saparlarynda hem öz beýanyny tapýar. Bu saparlar HYYÖU-nyň halkara gepleşikleri we ylmy alyş-çalyşlar üçin ykrar edilen merkez hökmündäki ornuny has-da berkidýär.
Yzygiderli alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy arkaly, HYYÖU özüniň ählumumy bilim ulgamyny berkitmegini, bilim bermegiň we ylmy-barlaglaryň hilini ýokarlandyrmagyny hem-de Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň halkara ylmy jemgyýetçiligine integrasiýa bolmagyna goşant goşmagyny dowam edýär