Loading...

«Durnukly ösüş maksatlary: okatmagyň usulyýeti we innowasiýalar esasynda ýokary hilli bilimi we adam maýasyny ösdürmek» atly halkara ylmy maslahaty

18 October 2025 г. Conferences

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2025-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda «2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Durnukly ösüş maksatlary: okatmagyň usulyýeti we innowasiýalar esasynda ýokary hilli bilimi we adam maýasyny ösdürmek» atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýar.

Maslahat, durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda bilim ulgamynda täze usulyýetleri we innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, ýokary hilli bilim hyzmatlaryny üpjün etmek, ýaş nesliň bilim derejesini halkara ölçeglere laýyk ösdürmek, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen guralýar.

Maslahatyň resmi iş dilleri – türkmen, rus, iňlis dilleri.

Geçirilýän ýeri: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň uly mejlisler zaly, Aşgabat ş.
Geçiriljek senesi: 27-nji oktýabr, 2025.

Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabryna çenli hasaba alynmalydyr.


Habarlaşmak üçin: 
Tel: +99312 398564
Email: focalpoint.iuhd@gmail.com