Loading...

25 October 2025 г. Bildirişler

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 22-25-i aralygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda internet arkaly “Häzirki zaman türkmen jemgyýeti”, “Taýýarlygyň ugry boýunça iňlis dili”, "Hytaý dili", "Italiýan dili" we "Kriptografiýa" dersleri boýunça 6-njy internet olimpiadasyna gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýar.

Bu olimpiadalar  talyplaryň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, dost-doganlygy berkitmek arkaly giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklaryna höweslendirmek, olaryň intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek maksady bilen geçirilýär.

Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis dilleri

Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde I (bir) tapgyrda islendik hünärde okaýan talyplar gatnaşyp biler; Gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriniň talyp sanynda  çäklendirme ýokdur.

Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän talyplaryň we olaryň topar ýolbaşçylary 2025-nji ýylyň 1-nji noýabryndan 12-nji dekabryna çenli hasaba alynýar.

Habarlaşmak üçin: email:iuhdolympiads@gmail.com