Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2026-njy ýylyň 23-28-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda VI Açyk halkara matematika olimpiadasyna (OMOUS-2026) ggeçirdi.
VI Açyk halkara matematika olimpiada talyplaryň ukyp başarnyklaryny we zehinlerini ösdürmek üçin iň amatly şertleri döretmek, dostlugy berkitmek, olaryň ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmagyny höweslendirmek, şeýle hem intellektual ösüşi bilen baglanyşykly hünär saýlamak arkaly giň dünýägaraýşa eýe bolan ýaşlary kemala getirmek maksady bilen geçirildi.
Olimpiada şahsy we toparlaýyn basleşik görnüşinde geçirildi:
Şahsy bäsleşik А и В derejede geçirildi:
А dereje - okaýan hünäri "matematik" we "kompýuter ylymlary" taýýarlyk ugurlarynda okaýan talyplar üçin;
B dereje – "Injiner we tehniki", "ykdysadyýet we dolandyryş" we başga ugurda okaýan talyplary üçin.
Olimpiada jemi 557 talyp, 68 sany ýokary okuw mekdep, 90 sany topar gatnaşdy. Gatnaşyjy ýurtlar: Russiýa Federasiýasy, Özbegistan, Täjigistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Wengriýa, Germaniýa, Niderlandlar, Eýran Yslam Respublikasy, Gresiýa we Türkmenistan
Guramaçylyk topary:
Tel: +99312 398550, +99365809906
e-mail: iuhdolympiads@gmail.com