Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 31-ne ýurdumyzyň 12-nji synp mekdep okuwçylarynyň arasynda iňlis dilinde “Şadyýan zehinliler” atly bäsleşigi geçirdi.
Bäsleşigiň resmi iş dili– iňlis dili.
Bäsleşik şahsy görnüşde 2 tapgyrda geçirildi: 1-nji tapgyr – saýlama tapgyr bolup, okuwçylara 50 sany test soragy 90 minudyň dowamynda çözmeklik üçin wagt berildi. 2-nji tapgyr – “Türkmen Bitaraplygy-dünýä nusgalyk ýörelge” tema boýunça 200-250 söz aralygynda iňlis dilinde düzme ýazdylar.
Habarlaşmak üçin: Tel: +99312 398556, +99365818171
Email: iuhd.languagesdepartment@gmail.com